Prof. Dr. Ahmet AKGÜL Yazdır e-Posta

Prof. Dr. Ahmet Akgül, 1997-nji ýylda Ankara üniwersitedi Lukmançylyk fakultedini gutaryp, Türkiýedäki bilim we gözleg hassahanasynda we ABŞ-niň Teksas ştatynyň Hýuston şäherindäki ‘'The Methodist Hospital Baylor college of Medicine'' hassahanasynda kardiýohirurgiýa ugrunda yöriteleşdirilen okuwyny tamamlady.

2003-nji ýylda Türkiýa dolanyp ýöriteleşdirilen bilim hassahanasynda lukmançylyga dowam edýär. Lukmançylyga goşmaça hökmünde, 2004-nji ýylda Türkiýäniň iň abraýly lukmançylyk žurnaly bolan ‘'Türkiye Klinikleri''-nde editör bolup işledi. Bu ýyllarda onun žurnaldaky çap edilen lukmanlaryň ylmy makalalarynda, proýektlerinde taýynlamasynda we netijelendirmesinde iş alyp bardy. Esasanam ylmy makalanyň nädip ýazylmagy baradaky beren leksiýalary saýasynda ençeme lukmana ýolgörkeziji boldy.

2005-nj ýylda ýöriteleşdirilen bilim hassahanasynda başlukmanyň kömekçisi ornunda wezipesini ýerinde ýetirip, şol bir wagtda hassahananyň işgärleri we hassalarynyň razylygy meselelerinde ugrukdyryjy boldy.

2007-nji ýylda kardiýohirurgiýa uğrunda Dosentlik derejesini goranyndan soň 2009-nji ýylda İstanbul Bakyrköý Dr. Sadi Bilim we Gözleg hassahanasynda kardiýohirurgiýa merkezini gurýar. Klinikasynda topar bilen ençeme üstünlikleri amala aşyran Prof. Dr. Ahmet Akgüliň lukmançylyk baradaky ýazgylary ýurduň tanymal neşirçilerinde çap edildi.

Öz adyny alan bejergi usuly (Akgül usuly) bilen bejergisi kyn ýagdaýdaky iýmit siňdiriş ýollaryndaky ýara we gapakçyk ýetersizliği bolan ýüzlerçe hassa bejergi berdi. Ahmet Akgül bejergilerindäki üstünlikleri sebapli öňürti İtalýa soňra bolsa Amerika döwletlerine çagyrylyp öz usulyny daşary ýurtly alymlara tanatdy we lukmançylyk literaturasyna goşdy.

Ýürek damar kesellerinin iň köp uly ýaşly hassalarda gabat gelmesi we Türkiýädäki uly ýaşly hassalaryň hasam artmasy sebapli İstanbul üniwersitedinde ‘'Saglykly uly ýaş (garramak) bilimi manylary bolan Gerontologiýa bölümini gurýar, hem Professor hem de Gurujy Bölüm Müdüri adyny eýeledi.

Prof. Dr. Ahmet Akgül şuwagt İstanbul uniwersitedinde ugrukdyryjy agza, İstanbul uniwersitediniň saglyk bilimleri fakultedinde dekan, Gerontalogiýa bölüm müdüri we Bakyrköý Dr. Sadi Konuk hassahanasynda kardiýohirurgiýa mugallymy wezipelerini ýerine ýetirýär.